Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 13.12.2021

Baýramçylykdan öň arakhorlar ýygnalýar, sütem çagalaryň gözüniň öňünde edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň sebitlerinde ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlygyň çäginde bir tarapdan býujet edaralarynyň işgärlerinden pul ýygnalyp, maşgala býujetlerine el garylsa, ikinji tarapdan, asudalygy üpjün etmek bahanasy bilen, alkogolly içgilere garaşly raýatlaryň maşgalalarynyň hem aladasy köpeldilýär. Öýlerinde oturan adamlary zor bilen ýygnap, döwlet edaralarynda her hili agyr sütemlere sezewar edýärler, maşgalalaryň ozalam ýeňil bolmadyk durmuşyny agraldýalar diýip, ýerli habarçylar habar berýär.

Farabyň ot alan mekdebiniň okuwçylary wagtlaýynça beýleki mekdeplere gatnar

Azathabar.com 

Farapdaky mekdep binasynda dörän ýangyn öçürilen wagty ýangyn söndürijileriň biri ýaralandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysyna Lebap welaýatynyň Farap şäherindäki 1-nji orta mekdebiň binasynda bolan ýangynyň käbir jikme-jikliklerini anyklaşdyrmak başartdy. Onuň maglumatlaryna görä, ýangynyň netijesinde binanyň köp bölegi weýran boldy. Ýangynyň dörän ýeriniň, ýyladyş üçin bug gazanlarynyň ýerleşýän otagynyň iki gözegçisine garşy geleňsizlik boýunça jenaýat işi gozgaldy. Şeýle-de, ot alan mekdebiň okuwçylarynyň... Читать дальше...

Türkmenistanda awtoulag sürüjileri gara maska üçin saklaýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Mary welaýatynda polisiýanyň ilata gözegçiligi ýene-de güýçlendirildi. Welaýatyň dürli ýerlerinde öýsüz-öwzarsyz, dileg edýän we çilim çekýän raýatlary, şeýle-de gara maskaly awtoulag sürüjilerini tutmak üçin reýdler geçirilýär. Soňky günlerde Maryda awtoulag sürüjileri ýollarda polisiýanyň gözegçiliginiň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bu sapar ýerli polisiýa sürüjiniň ýüzündäki maskanyň reňki bilen gyzyklanýar. Ak ýa-da açyk gök medisina maskalaryndan başgasy, şol sanda gara reňkdäki maskalar... Читать дальше...

Putin SSSR-iň dargamagyna “taryhy Russiýanyň” ýykylmagy hökmünde gynanýar

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyny “taryhy Russiýanyň” ýykylmagy hökmünde suratlandyrdy. Ukrain serhedine golaý sebitlere onlarça müň rus goşuny toplanýan mahaly aýdylan bu teswir rus prezidentiniň daşary syýasat niýeti babatda dowam edýän gürrüňleri alawlandyryp biler. “Sowet Soýuzynyň dargamagy taryhy Russiýanyň dargamagy boldy” diýip, Putin 12-nji dekabrda ýaýlyma berlen “Russiýa: ýakyn taryh” atly dokumental filmde SSSR-iň dargaýşyny ýatlady. Sowet... Читать дальше...

Türkmenabatda "arzan et" çäkli möçberde satuwa çykaryldy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri baýramçylyklaryň öň ýanynda, "arzan et bolçulygyny" döretmäge çalyşýar. Welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda çäkli möçberde satuwa çykarylýan et alyjylaryň ählisine ýetmeýär. Bu ýagdaý uly nobatlarda dawa-jenjelleriň we ýakalaşyklaryň döremegine hem sebäp bolýar. Bu aralykda, lebaply oba ýaşaýjylarynyň ençemesi häkimiýetleriň "arzan et söwdasyna" degişli käbir maglumatlary Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi. Habarçymyzyň maglumatlaryna görä... Читать дальше...

ÝB Belarus raýat jemgyýetine berýän goldawyny artdyrýar

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleleşigi (ÝB) belarus raýat jemgyýetine berýän goldawyny 30 million ýewro ($34 million) möçberinde artdyrýar diýip, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen aýtdy. “Biz ýaşlara, garaşsyz media serişdelerine, sürgündäki kiçi we orta telekeçilige hem-de medeniýet wekillerine ýardamy ýene-de 30 million ýewro möçberinde artdyrýarys” diýip, fon der Leýen sürgündäki oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa bilen geçiren duşuşygyndan soňra, 12-nji dekabrda Twitter arkaly mälim etdi. Читать дальше...

Ukrainanyň töweregindäki aladalaryň arasynda, Putin Sowet Soýuzynyň darganyna gynanýar

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyny “taryhy Russiýanyň” ýykylmagy hökmünde suratlandyrdy. Ukrain serhedine golaý sebitlere onlarça müň rus goşuny toplanýan mahaly aýdylan bu teswir rus prezidentiniň daşary syýasat niýeti babatda dowam edýän gürrüňleri alawlandyryp biler. “Sowet Soýuzynyň dargamagy taryhy Russiýanyň dargamagy boldy” diýip, Putin 12-nji dekabrda ýaýlyma berlen “Russiýa: ýakyn taryh” atly dokumental filmde SSSR-iň dargaýşyny ýatlady. Sowet... Читать дальше...

ÝB Russiýanyň hakyna tutma “Wagner” toparyna garşy sanksiýa girizer

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşiginiň dünýäniň dürli künjeklerinde dowam edýän konfliktlerde ynsan hukuklaryny kemsitmegi bilen baglylykda Russiýanyň hususy harby potratçysy “Wagner” toparyna garşy sanskiýa girizmegine garaşylýar. 13-nji dekabrda Brýusselde duşuşýan ÝB-niň daşary işler ministrleri sekiz adama, “Wagner” toparyna we başga-da olar bilen ilteşikli üç edara garşy sanksiýa girizerler diýip, ÝB resmileri aýtdy. Görüljek çäreler syýahat gadaganlygyny, toparyň Bileleşigiň çägindäki aktiwleriniň doňdurylmagyny... Читать дальше...

Günorta Afrikanyň prezidentine COVID-19 ýokuşdy. Ekspertler güýçlendiriji sanjyma çagyrýar

Azathabar.com 

Günorta Afrikanyň prezident Siril Ramafosanyň COVID-19 barlagy pozitiw netije görkezdi. Ol ýeňil kesel alamatlary bilen saglyk bejergisini alýar diýip, prezidentiň edarasy 13-nji dekabrda aýtdy. Özüni ýarawsyz duýup başlan Ramafosa doly sanjym kabul edipdir. Ol özüne kesel ýokuşmagynyň adamlary sanjym kabul etmäge itermelidigini aýtdy. “Sanjym keseliň agyrlaşmagyna we adamlaryň keselhana düşmegine garşy iň uly goraglylykdyr” diýip, ol aýtdy. Günorta Afrika wirusyň omikron görnüşiniň esasy ojagydyr. Читать дальше...

Stambulda bir türkmen studenti öli tapyldy, sud-medisina barlagy onuň ýasama arakdan ölendigini aýdýar

Azathabar.com 

Türkiýäniň Stambul uniwersitetinde ýokary bilim alýan türkmenistanly student, 32 ýaşly Kemal Ahmedenow, Stambulyň Fatih etrabynda ýerleşýän kwartirasynda öli tapyldy. Türk metbugaty sud-medisina barlag netijelerine salgylanyp, studentiň ýasama arakdan zäherlenip, ölendigini habar berýär. “Sondakika.com” habar saýtynyň maglumatyna görä, 9-njy dekabrda merhum dostlary bilen özüniň doglan gününi belleýär. 33 ýaşa gadam basan türkmen raýaty anna güni Stambuldaky ýaşaýyş jaýynda öli tapylýar. Türk metbugatyna görä... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *