Berdimuhamedow ýene bir orunbasaryna berk käýinç berdi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet başlygynyň gurluşyk, senagat we energetika toplumlary boýunça orunbasary Çarymyrat Purçekowa berk käýinç yglan etdi.
Wise-premýer 3-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde şu ýylyň 11 aýynda edilen işler boýunça hasabat berip, uly ösüş sanlaryny mysal getirdi.
Emma prezident onuň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde kemçilik goýberendigini” aýtdy.
“Gurluşyk işleriniň depgini we möçberi her aýda peselýär, hasabat döwründe sement öndürmegiň meýilnamasy 60% ýerine ýerine ýetirildi” diýip, prezident bu ýagdaýyň gurluşyk işleriniň depginine we desgalary wagtynda ulanmaga bermäge ýarmaz täsir edýändigini nygtady.
Berdimuhamedowyň sözlerine görä, geljek ýyl gurluşyklaryň sanyny has-da köpeltmek göz öňünde tutulýar we gurluşyk toplumynda gyssagly özgertme geçirmek, gurluşyk serişdeleriniň senagat önümçiligini artdyrmak zerur.
Şeýle-de prezident täze iş orunlaryny döretmek zerurlygyny belledi, emma anyk bir zat aýtmady.
Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyklarda işleýän ýerli işçileriň sany, daşary ýurtlardan iş gözlemäge giden raýatlaryň sany çap edilmeýär, hökümet mejlislerinde ýurtdaky işsizligiň garşysyna görülýän anyk çäreler barada habar berilmeýär.
Noýabryň başynda prezident ýurduň nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdrahmanowa, maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowa, döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa we baş prokuror Batyr Atdaýewe käýinç beripdi.