Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Belarusdan abanýan ‘migrasiýa basyşynyň’ arasynda Britaniýa Polşa harby inžener iberýär

0
Britaniýa NATO ýarany Polşanyň Belarus bilen aradaky serhedine ýardam bermek üçin bu ýurda 140 harby inžener iberýär. Günbatar ýurtlary Belarusyň serhet ýakada migrasiýa krizisini gurnaýandygyny aýdýar.


32-nji inženerler polkunyň hünärmenleri Belarus bilen aradaky serhetde “infrastruktura goldawyny üpjün etmek” ýaly ugurlar boýunça polşa harbylary bilen hyzmatdaşlyk eder diýip, 9-njy dekabrda Britaniýanyň Goranmak ministrligi beýanat berdi.


Belarus geçen ýyl geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlaryndan bäri awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkanyň özge pikirlere garşy basyp ýatyrmalary sebäpli Günbatar bilen diplomatik gapma-garşylyga ýüz urýar. Bu gapma-garşylygy Ýewropa Bileleşigi Belarusyň Polşa, Latwiýa we Litwa serhetlerinde krizis döretmek üçin migrantlaryň “ýarag hökmünde ulanylmagy” atlandyrýar. Minsk ÝB-niň aýyplamalaryny ret edýär.


Britaniýanyň Goranmak ministrligi harby inženerleriň Polşada 2022-nji ýylyň aprel aýyna çenli galjakdygyny aýtdy.


Harby inženerler NATO-nyň sebitdäki täsirini güýçlendirmek tagallalarynyň çäginde has ozal Polşa ýerleşdirilen 150 britan harby işgärine goşmaça bolar.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *